Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Eger patyşa oňlasa, goý, ol bir perman çykarsyn. Şa aýaly Waşty mundan beýläk Kserks patyşanyň huzuryna barmaly däldir diýlip, parslaryň we madaýlaryň kanunlaryna girizilsin we üýtgedilmesin. Şeýle hem, goý, patyşa Waştynyň şa aýallyk derejesini ondan gowurak başga birine bersin. Siz-de ýahudylar hakda nämäni makul bilseňiz, ony patyşanyň adyndan ýazyň-da, patyşanyň ýüzügi bilen möhürläň; çünki patyşanyň adyndan ýazylyp, patyşanyň ýüzügi bilen möhürlenen permany hiç kim ýatyryp bilmez». Olar patyşanyň ýanyna baryp, onuň permany hakda söz açyp: «Eý, patyşahym! Otuz günüň içinde senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edeniň ýolbarsly çukura taşlanjakdygy baradaky permana gol çekmänmidiň näme?» diýdiler. Patyşa olara: «Madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde bu söz dogrudyr» diýip jogap berdi. Şol wagt adamlar üýşüp, patyşanyň ýanyna geldiler we oňa: «Eý, şahym, bilip goýgun, madaý we pars kanunyna görä, patyşanyň tassyk eden karary we permany üýtgedilmeli däldir» diýdiler.
Выбор основного перевода