Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
özlerini ýesir alan duşmanlarynyň ýurdunda päk kalplary we jan-tenleri bilen Saňa ýüzlenip, atalaryna beren ýurduňa, Öz saýlan şäheriňe, Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, dileg etseler, şonda Sen Öz gökdäki mesgeniňde olaryň dileglerini, nalyşlaryny eşit-de, olaryň dadyna ýetiş. Saňa dat-perýat eden wagtymda, iň mukaddes otagyňa tarap ellerimi galdyranymda, ýalbaryşlarymyň sesini eşit. Agşam, ertir, günorta çagy men ýalbaryp, nala çekýärin, Ol eşidýär meniň sesimi. Geliň, sežde edip, tagzym edeli, bizi ýaradan Rebbiň öňünde dyza çökeli. Dyngysyz doga-dileg ediň. Her ýagdaýa şükür ediň. Hawa, Isa Mesihe degişli bolan siz babatda Hudaýyň islegi şulardyr.
Выбор основного перевода