Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Doganlar gorkdular, çünki olar Ýusubyň öýüne getirildiler. Olar: «Muny geçen gezekki çuwallarymyzda yzyna gaýtarylan pul sebäpli, darap, bizi tutup gul edip, elimizden eşeklerimizi almak üçin edýändir» diýdiler. Eger şu üç adam Nuh, Danyýel we Eýýup ol ýerde bolsalar-da, olar dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Öz barlygymdan ant içýärin, Hökmürowan Reb diýýär, Nuh, Danyýel we Eýýup ol ýerde bolsalar-da, ne ogullaryny, ne-de gyzlaryny halas ederler. Olar dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler». Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady. Olar maňa zeper ýetirmediler, çünki Hudaýyň huzurynda men bigünä saýyldym. Seniň öňüňde hem, eý, şahym, men hiç bir şer iş eden däldirin». Şeýle hyzmatçylardan bolsa sadyklyk talap edilýändir. Şonda siz egri we azgyn nesliň arasynda edil älemdäki ýyldyzlar dek parlaýan, Hudaýyň aýypsyz, päk we müýnsüz çagalary bolarsyňyz. sözleriň müýnsüz we şübhesiz bolsun. Şonda bize garşy çykýanlar ýamanlamaga gep tapman, utanja galarlar.
Выбор основного перевода