7
Patyşalygyň ähli wezirleri, serdarlary, häkimleri, geňeşçileri we emirleri patyşanyň bir perman çykaryp, ony güýje girizmegi barada özara maslahatlaşdylar. Eý, patyşahym, kimde-kim otuz günüň dowamynda senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edip ýüz tutsa, ýolbarsly çukura taşlansyn.
Ine, olar meni öldürmek üçin bukuda ýatýar, güýçlüler maňa garşy dil birikdirýär, ýogsa ýazygym-da, günäm-de ýok, ýa Reb!
Soňra Nebukadnesar patyşa häkimlere, serdarlara, wezirlere, geňeşçilere, hazynadarlara, kazylara, kanun gözegçilerine we welaýatyň ähli han-beglerine çapar ýollap, olara heýkeliň açylyş dabarasyna gatnaşmaklaryny buýurdy.
Ýere ýüzin düşüp sežde etmedik adam duran ýerinde ýanyp duran kürä taşlanjakdyr».