Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
onda siz şol günäkärlenýäne nähili jezany niýetlän bolsaňyz, şol jezany ýalan güwälik edene beriň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Ýöne Musanyň Töwratda berlen tabşyryklaryny berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren hyzmatkärleriň ogullaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin» diýip tabşyryk beripdi. Meniň üçin bolsa Hudaý kömekdir! Taňry söýgetleýär meniň janymy. Ol duşmanlarymyň eden ýamanlygyny olaryň öz başlaryna inderer. Öz wepalylygyň hatyrasyna ýok et olary. Kim gorp gazsa, oňa özi ýykylar, kim ýokary daş togalasa, ol öz üstüne gaýdar. Kim dogruçyllary ýaman ýola çekýän bolsa, öz gazan gorpuna özi ýykylar. Sadyklar bolsa ýagşylygy miras alarlar. Ertire çenli sabyrsyzlyk bilen garaşdym; ol arslan kimin bar süňklerimi döwdi; bir günüň içinde soňuma çykdyň.
Выбор основного перевода