Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Oňa derek olary mukaddes äht çadyryna, onuň ähli esbaplaryna we oňa degişli zatlaryň hemmesine jogapkär edip goý. Mukaddes çadyry we onuň ähli esbaplaryny olar götersinler we oňa gözegçilik etsinler, öz çadyrlaryny onuň töwereginde diksinler. Harun lewileri ysraýyllaryň berýän göterme sadakasy hökmünde Rebbe bagyş etsin. Şonda olar Rebbiň hyzmatyny edip bilerler. Sen lewileri tämizläp, olary Rebbe bagyş edeniňden soň, olar Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat etmek üçin içeri girip bilerler. «Lewilere degişli düzgün şeýledir: ýaşy ýigrimi bäş we ondan ýokary bolanlar Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny etmelidirler. Olar Rebbe ýüz tutulýan çadyry goramak keşigini çekýän öz lewi doganlaryna kömek edip bilerler. Ine, sen şeýdip, lewileriň ýerine ýetirýän borçlaryny şunuň ýaly kadalaşdyrgyn».
Выбор основного перевода