Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Mukaddes çadyr we onuň ähli esbaplary Meniň size görkezme berşim ýaly gurulsyn. Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany eginbagy bolup, ol hem berkidilsin. Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaň, onuň daşky örtügi üçin saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasaň. Çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan ýapynja ýasat. Ol keşde bilen nagyşlansyn. Gerşon uruglarynyň etmeli işleri we daşamaly ýükleri şulardan ybarat: olar mukaddes çadyryň tutularyny, Rebbe ýüz tutulýan çadyry we onuň ýapynjasyny, onuň saýlama deriden edilen daşky ýapynjasyny we girelgesindäki perdäni, haýadyň perdelerini, mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daşyndaky haýadyň derwezesiniň ýapynjasyny we onuň zynjyrlaryny, olara degişli ähli esbaplary götersinler. Bu zatlar bilen baglanyşykly işleriň hemmesini etsinler.
Выбор основного перевода