Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat, Merary. Lewiniň nesil daragtyna görä, onuň ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat we Merary. Lewi bir ýüz otuz ýedi ýaşap dünýäden ötdi. Gerşonyň ogullary: Libni we Şimgi uruglary bilen. Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. Kohat bir ýüz otuz üç ýaşap öldi. Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Ine, bu aşakdakylar bolsa lewileriň nesilleri boýunça uruglary. Imran öz kakasynyň gyz jigisi Ýokebedi özüne aýal edip aldy, ol hem oňa Harun bilen Musany dogrup berdi. Imran bir ýüz otuz ýedi ýaşap aradan çykdy. Ýisharyň ogullary: Kora, Nepek, Zikri. Uzyýel ogullary: Mişaýyl, Elsapan we Sitri.
Выбор основного перевода