Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Her bir eşegiňiziň kürrelän kürresini guzyňyz bilen çalşyp, yzyna satyn alyň. Eger yzyna satyn almasaňyz, onda onuň boýnuny omruň. Çagalaryňyzyň arasynda her bir nowbahar ogluňyzy yzyna satyn alyň. Rebbiň buýrugyna görä, Musa bilen Harunyň uruglaryna görä hasaba alan, bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan lewileriň erkek göbeklileriniň sany ýigrimi iki müň boldy. Atlary bilen hasaba alnan bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriň jemi sany ýigrimi iki müň iki ýüz ýetmiş üç boldy. Ynsan bolsun, haýwan bolsun, parhy ýok, Rebbe hödür edilýän her jandaryň ilkinji erkek doglan çagasy seniňki bolar. Emma ynsanyň we haram mallaryň ilkinji erkek doglan çagasyny yzyna satyn almalysyň.
Выбор основного перевода