Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra faraon Musa bilen Haruny çagyryp, olara: «Menden we halkymdan gurbagalaryň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg ediň. Men bolsa halkyňyzy Rebbe gurbanlyk bermäge goýbererin» diýdi. Faraon oňa: «Men size çöle gidip, Hudaýyňyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat edýärin, ýöne siz gaty uzaga gitmeli dälsiňiz. Meniň üçin Rebbe dileg edäý» diýdi. Olar Şamuwele şeýle diýdiler: «Öz gullaryňyň aman galmagy üçin, Hudaýyň Rebbe dileg et. Biz şu pis iş, ýagny özümize patyşa talap etmek bilen öz günämizi has-da agraldypdyrys». Şunlukda, Amnon kesellän kişi bolup, düşegine geçip ýatdy. Patyşa halyny soramaga gelende, ol: «Uýam Tamar gelip, ýanymda tagamly kökeler bişirip bersedi, men onuň öz elinden iýsedim» diýdi. Olary öldüren mahaly Ony agtarýardylar, toba edip, erjellik bilen Ony gözleýärdiler.
Выбор основного перевода