Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen öz hudaýyň Kemoşyň özüňe beren ýeriniň üstünden eýelik edeňokmy näme? Biz hem Hudaýymyz Rebbiň biziň bähbidimiz üçin basyp alan ýerine eýelik edýäris. Soňra Süleýman Iýerusalimiň gündogaryndaky dagda Mowabyň nejis buty Kemoş we ammonlaryň hudaýy Molek üçin seždegäh gurdy. Soňra Ýarobgama şeýle diýdi: «On bölegini özüň üçin al, çünki Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men patyşalygy hökman Süleýmanyň elinden alyp, on tiräni saňa bererin, ýöne gulum Dawudyň hatyrasy üçin hem-de Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlap alan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin diňe bir tire Süleýmanyňky bolar. Çünki ol Meni terk edip, sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, Mowabyň hudaýy Kemoşa, ammonlaryň hudaýy Milkoma sežde etdi. Süleýman kakasy Dawudyň yzyny tutmady. Ol Meniň nazarymda nähak işleri edip, parzlarymy, hökümlerimi berjaý etmedi, ýollarymdan ýöremedi. Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Iýerusalimiň gündogaryndaky Heläk dagynyň günortasynda, sidonlylaryň ýigrenji hudaýy Aştoret üçin, Mowabyň ýigrenji buty Kemoş üçin, ammonlaryň ýigrenji buty Milkom üçin guran seždegählerini patyşa haramlady. Eý, Mowap, öz eden işleriň üçin, hazynaňa bil baglanyň üçin tutularsyň. Ruhanylary hem emeldarlary bilen Kemoş sürgün ediler. Dat günüňe, eý, Mowap! Kemoş halky ýok edildi, ogullaryň sürgün edildi, gyzlaryň ýesir alyndy.
Выбор основного перевода