Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Soňra biz Başan ýurduna tarap ýolumyzy dowam etdirdik. Başan hany Og söweşmek üçin, Edreýde ähli urşujylary bilen biziň garşymyza çykdy. Reb maňa: „Men Ogy, onuň ähli halkyny we ýurduny seniň eliňe berdim. Ondan gorkma. Heşbonda hanlyk süren amor hany Sihony ýok edişiň ýaly, Ogy hem ýok et“ diýdi. Şeýlelikde, Hudaýymyz Reb Başan hany Ogy hem-de onuň ähli urşujylaryny biziň elimize berdi. Biz olaryň ýekejesini hem diri galdyrman, hemmesini gyrdyk. Şol bir wagtyň özünde biz onuň ähli galalaryny basyp aldyk. Ol ýerde basyp alynmadyk ýekeje-de gala galmady. Biz olaryň jemi altmyş galasyny, Oguň Başandaky hanlygy bolan tutuş Argop topragyny basyp aldyk. Bularyň hemmesi berk diwarly, gulp bilen ýapylýan iki gat derwezeli berk galalardy. Bulardan başga obalar-da köpdi. Edil Heşbonyň hany Sihony ýok edişimiz ýaly, biz olary hem bütinleý ýok etdik. Ähli galalardaky erkekleri, aýallary we çagalary bütinleý ýok etdik. Emma ähli mal-garalary we galalardaky baýlyklary özümize olja edip aldyk. Aştarotda we Edreýde hökümdarlyk eden Başan hany Oguň ähli hanlygy degişlidir (Og han rapalaryň iň soňkularynyň biridi). Musa bulary derbi-dagyn edip, ýerlerinden kowup çykarypdy.
Выбор основного перевода