Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb maňa: „Mowaplara duşman gözi bilen garama ýa-da olar bilen urşa girme, çünki Ar galasyny Lutuň nesillerine mülk berendigim sebäpli, Men size olaryň ýerinden mülk edip, hiç zat berjek däl“ diýdi. Ammonlaryň serhedine golaýlaşanyňyzda, olara duşmançylyk gözi bilen garamaň, olar bilen urşa girmäň, sebäbi Men ammonlaryň ýerini size mülk berjek däldirin, çünki Men ol ýeri Lutuň nesillerine berdim“. Reb şeýle diýýär: «Eý, dogrulygy yzarlaýanlar, eý, Rebbi agtarýanlar, Maňa gulak goýuň! Kesilip alnan gaýaňyza, gazylyp çykarylan çukuryňyza serediň. Gaçanlar Heşbon kölegesinde mejalsyz durdular. Çünki Heşbondan ot, Sihon galasynyň ortasyndan ýalyn çykyp, mowaplylaryň maňlaýyny, pitneçileriň süýr depesini ýakyp ýandyrar.
Выбор основного перевода