Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ildeşiňiz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Hudaýyňyz Reb Mendirin. Keýnlerden bolan Musanyň gaýynatasynyň nesilleri ýahudalar bilen bilelikde Palma galasyndan çykyp, Aradyň golaýynda Negepdäki Ýahuda çölüne ýaşamaga gitdiler. Ol ýerde olar amalekleriň arasynda ornaşdylar. Keýn tiresinden bolan Heber Kedeşiň golaýynda ýerleşen Saganannymda, dub agajynyň ýanynda çadyr gurupdy. Heber şol wagtlar beýleki keýnlerden aýry ýaşaýardy. Keýn tiresi Musanyň gaýynatasy Hobabyň nesillerindendi. Ýeriň ähli uçlary Rebbi ýada salyp, Oňa öwrüler, halklaryň ähli uruglary Oňa sežde ederler. Çünki patyşalyk Rebbiňki, Ol milletleriň üstünden sürýär hökümi. Oňa sežde eder dünýäniň ähli tekepbirleri, ölüm ýassygynda ýatanlaryň ählisi, janyny diri saklap bilmedikler-de, Onuň öňünde tagzym ederler. Zürýatlary Oňa gulluk ederler, Taňrynyň adyny geljek nesle yglan ederler, «Taňry muny berjaý etdi» diýip, Onuň halas ediş hakykatyny indi doguljaklara yglan ederler. Zürýatlary Oňa gulluk ederler, Taňrynyň adyny geljek nesle yglan ederler, «Taňry muny berjaý etdi» diýip, Onuň halas ediş hakykatyny indi doguljaklara yglan ederler.
Выбор основного перевода