Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Mukaddes çadyr göçürilmeli bolanda, ony lewiler ýygnasynlar. Mukaddes öý dikilmeli bolanda, ony lewiler diksinler. Lewilerden başga, kim oňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir. Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Uruglaryna we kowumlaryna görä gerşonlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly, otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini ýazyp hasaba al. «Uruglaryna we kowumlaryna görä gerşonlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly, otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini ýazyp hasaba al. Gerşon uruglarynyň etmeli işleri we daşamaly ýükleri şulardan ybarat: olar mukaddes çadyryň tutularyny, Rebbe ýüz tutulýan çadyry we onuň ýapynjasyny, onuň saýlama deriden edilen daşky ýapynjasyny we girelgesindäki perdäni, haýadyň perdelerini, mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daşyndaky haýadyň derwezesiniň ýapynjasyny we onuň zynjyrlaryny, olara degişli ähli esbaplary götersinler. Bu zatlar bilen baglanyşykly işleriň hemmesini etsinler. Ýük daşamagy we başga işleri – ähli hyzmatlary gerşonlar Harunyň we onuň ogullarynyň buýrugy esasynda bitirsinler. Göterýän zatlaryny goramaklyga olary borçly ediň. Ruhany Harunyň ogly Ytamaryň gözegçiligi astynda gerşonlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen baglanyşykly etmeli işleri we gorag wezipeleri, ine, şulardyr. Indi bolsa uruglaryna we kowumlaryna görä merarylary Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini ýazga geçir. Indi bolsa uruglaryna we kowumlaryna görä merarylary Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini ýazga geçir. Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat etmek bilen olaryň götermeli we goramaly zatlary şulardyr: mukaddes çadyryň çarçuwalary, taýaklary, sütünleri we olary saklaýan dabanlary, haýadyň sütünleri we dabanlary, gazyklary, zynjyrlary, olara degişli ähli enjamlar. Olaryň götermeli zatlaryny atma-at sanap tabşyryň. Ruhany Harunyň ogly Ytamaryň gözegçiligi astynda merarylaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen baglanyşykly etmeli işleri, ine, şulardyr».
Выбор основного перевода