Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Ysraýyl halkyna aýt: „Ýedinji aýyň birinji güni siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün surnaýlar çalnyp ýatlanýan mukaddes ýygnanyşyk günüdir. Ýedinji aýyň birinji gününde siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň. Bu gün siziň üçin surnaý çalynýan gündür. Ähli lewi nagmaçylary: Asaf, Heýman, Ýedutun, olaryň ogullary we garyndaşlary nepis zygyr mata lybaslaryna beslenip, kimwallary, liralary we arfalary bilen gurbanlyk sypasynyň gündogar tarapynda ýüz ýigrimi sany surnaýçy ruhany bilen durdular. Surnaýçylar bilen nagmaçylar bir adam ýaly bolup, Rebbe alkyş aýdyp, şükür etdiler. Surnaýlardyr kimwallar we beýleki saz gurallary bilen seslerini gataldyp: «Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky» diýip, Rebbe alkyş aýdanlarynda, öý – Rebbiň öýi bulutdan doldy. Ruhanylar öz wezipelerinde durdular, lewiler-de Dawudyň tabşyryşy ýaly: «Onuň sadyk söýgüsi bakydyr!» diýip, Rebbe öwgi aýtdylar. Olar Dawut patyşanyň ýasadan saz gurallary bilen saz çaldylar. Lewileriň öňünde ruhanylar surnaý çaldylar. Bütin ysraýyl halky dik durdy. Lewiler Dawudyň saz gurallary, ruhanylar hem surnaýlary bilen durdular. Onsoň Hizkiýa patyşa gurbanlyk sypasynda ýakma gurbanlyk bermegi tabşyrdy. Ýakma gurbanlyk bermäge başlanlarynda, surnaýlar we Ysraýyl patyşasy Dawudyň saz gurallary bilen Rebbe alkyş aýtmaga başladylar. Bütin halk ybadat edip, aýdymçylar aýdym aýdyp, surnaýçylar surnaý çaldylar. Aýdym-saz tä ýakma gurbanlygy tamamlanýança dowam etdi. Täze Aý, dolan Aý wagtynda, baýram günümizde surnaýlar çalyň. Çünki bu – Ysraýylyň parzlary, Ýakup Hudaýynyň beren adalatly hökümleri. Ýusup nesli Müsürden çykyp gaýdanda, Hudaý muny oňa düzgün hökmünde berdi. Men bir nätanyş diliň owazyny eşitdim:
Выбор основного перевода