Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Mukaddes çadyr göçürilmeli bolanda, ony lewiler ýygnasynlar. Mukaddes öý dikilmeli bolanda, ony lewiler diksinler. Lewilerden başga, kim oňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir. Kohatlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyrda ýerine ýetirmeli hyzmaty iň mukaddes zatlar bilen baglanyşyklydyr. Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary çadyra girip, iň mukaddes otagy bölüp duran tutyny aýyrsynlar we onuň bilen Äht sandygyny basyrsynlar. Onuň üstüni saýlama deriden edilen ýapynja bilen ýapyp, üstüne gök keteni çeksinler we sandygyň syryklaryny ýerine goýsunlar. Hödür çörekleri goýulýan hantagtanyň üstüne gök keteni ýazyp, onuň üstünde tabaklary we jamlary, içgi sadakasy üçin küýzeleri we şakäseleri goýsunlar. Hemişelik çörek hem onuň üstünde bolsun. Soňra olaryň üstünden gyrmyzy mata ýapyp, ony hem saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar we onuň syryklaryny ýerine oturtsynlar. Çyradany, onuň çyralaryny, müçeneklerini, nowalaryny we zeýtun ýagy salynýan ähli gaplaryny gök keteni bilen basyrsynlar. Onsoň ähli enjamlary bilen bilelikde ony saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyryp, zemmeriň üstünde goýsunlar. Altyndan edilen sypanyň üstüne gök keteni ýapyp, ony saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar we onuň syryklaryny ýerine oturtsynlar. Mukaddes öýde ybadat edilende ulanylýan ähli enjamlary alyp, olary gök ketenä dolasynlar we saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar. Onsoň olary zemmeriň üstünde goýsunlar. Gurbanlyk sypasynyň üstünden küli aýryp, üstüne gyrmyzy matany ýapsynlar. Onuň üstüne gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny, ýagny ybadat edilende ulanylýan maňňallary, çarşaklary, kül atarlary, legenleri goýup, üstüne saýlama deriden edilen ýapynjany ýapsynlar we syryklaryny ýerine oturtsynlar. Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr. Ruhany Harunyň ogly Elgazara çyra ýagyna, ýakymly ysly tütetgä, adaty galla sadakasyna we mesh ýagyna gözegçilik etmek tabşyrylsyn. Şeýle hem oňa tutuş mukaddes çadyr we onuň içindäki ähli enjamlary, mukaddes otag we onuň enjamlary tabşyrylsyn». Onsoň Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: «Lewileriň arasynda kohat urugynyň ýok bolup gitmegine ýol bermäň. Olar iň mukaddes zatlara galtaşanlarynda ölmän aman galarlary ýaly, siz şeýle ediň: Harun we onuň ogullary içeri girip, kohatlaryň hersiniň ýerine ýetirmeli hyzmatyny ýa-da götermeli ýüküni görkezsin. Emma kohatlar mukaddes zatlara sähel salymlyk hem seretmeli däldirler, ýogsam olar ölerler».
Выбор основного перевода