Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Basgançaklaryň çür başynda duran Reb şeýle diýýär: «Ataň Ybraýymyň we Yshagyň Hudaýy Reb Mendirin. Şu ýatan topragyňy Men saňa we seniň nesliňe bererin. Ýakup daň bilen turdy we kellesiniň aşagyna goýup ýatan uly daşyny alyp, ony ýadygärlik hökmünde dikdi we onuň üstüne zeýtun ýagyny guýdy. Ýakup öz adamlary bilen Kengandaky Luza, ýagny häzirki Beýtele geldi. Segir daglygyndaky edomlaryň atasy bolan Ysawyň nesilleri şulardyr. Olaryň atlary şeýledir: Ysawyň aýaly Adadan bolan ogly Elipaz, Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogly Reguwal. Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Gatam we Kenaz. Timna Ysawyň ogly Elipazyň gyrnak aýalydy. Ol Elipaza Amalegi dogrup berdi. Bular Ysawyň aýaly Adadan bolan nesilleridir.
Выбор основного перевода