Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýöne Ysraýyl ellerini çalşyryp, kiçi agtygy Efraýymyň başyna sag elini, uly agtygy Manaşanyň başyna bolsa çep elini goýdy. Efraýym tiresinden hasaba alnanlar kyrk müň bäş ýüz adam boldy. Manaşa tiresinden hasaba alnanlar otuz iki müň iki ýüz adam boldy. Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk müň bäş ýüz adamdyr. Onuň goşunynda hasaba alnanlar otuz iki müň iki ýüz adamdyr. Ol ilkinji doglan öküz ýaly haýbatlydyr, ýabany öküziňki kimindir onuň şahlary. Bir şahy Efraýymyň on müňüsidir, beýlekisi Manaşanyň müňüsidir. Ol halklary şahlary bilen süser, ýeriň ol ujuna çenli olary kowar».
Выбор основного перевода