Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Seniň nesliň ýer ýüzüniň çägeleri kimin san-sajaksyz bolar. Olar gündogara, günbatara, demirgazyga hem-de günorta ýaýrarlar. Ýer ýüzüniň ähli halklary sen arkaly hem-de nesliň arkaly pata alarlar. Men hemişe seniň bilen biledirin. Sen nirede bolsaň-da, Men seni goraryn we seni ýene-de şu ýurda gaýtaryp getirerin. Men seni terk etmerin we saňa beren wadamy ýerine ýetirerin». Şonda düýşümde Hudaýyň perişdesi maňa: „Ýakup!“ diýip ýüzlendi. Men Oňa: „Lepbeý!“ diýip jogap berdim. Men Beýtel Hudaýydyryn. Sen ol ýerde bir dikme daşyň üstüne zeýtun ýagyny guýupdyň we ant içipdiň. Indi sen bu ýurtdan git-de, öz dogduk mekanyňa dolan» diýdi. Şol gije Hudaý Laban mesopotamiýalynyň düýşünde oňa: «Gulak as! Ýakuba ýagşydan-ýamandan zat diýme» diýdi. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Men Hudaýdyryn, seniň ataňyň Hudaýydyryn. Sen Müsüre gitmekden gorkma. Men ol ýerde senden bir beýik millet ýaradaryn. Dawut beýerotly Rimmonyň ogullary Rekap bilen Bagana ýüzlenip: «Meni ähli bela-beterlerden goran Rebden ant içýärin, maňa biri Şawulyň öldi habaryny getiripdi we ol gowy habar getirendirin öýdüpdi. Ýöne men ony Ziklagda öldürdim. Getiren buşlugy üçin oňa şeýle „serpaý“ ýapylypdy. Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.
Выбор основного перевода