17
Kakasynyň sag elini Efraýymyň başyna goýmagy, Ýusuba ýaramady. Ýusup: «Kaka, beýle däl. Nowbahar oglum, ine, budur, Manaşadyr. Sag eliňi onuň başyna goý» diýip, kakasynyň elini Efraýymyň başyndan aýryp, ony Manaşanyň başyna goýjak boldy.
Ýöne Ysraýyl ellerini çalşyryp, kiçi agtygy Efraýymyň başyna sag elini, uly agtygy Manaşanyň başyna bolsa çep elini goýdy.