Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Yshaga görnüp, oňa şeýle diýdi: «Sen Müsüre gitmän, Meniň saňa görkezjek ýurdumda gelmişek bolup ýaşaber. Men seniň bilen bolaryn we seni ýalkaryn. Şu ýurdy tutuşlygyna Men saňa hem seniň nesliňe berjekdirin we ataň Ybraýyma eden wadamy ýerine ýetirjekdirin. Men hemişe seniň bilen biledirin. Sen nirede bolsaň-da, Men seni goraryn we seni ýene-de şu ýurda gaýtaryp getirerin. Men seni terk etmerin we saňa beren wadamy ýerine ýetirerin». Men seniň bilen bile Müsüre giderin we seni soň ýene-de öz topragyňa getirerin. Sen dünýäden öteniňde, Ýusup seniň ýanyňda bolar». Ýusup doganlaryna: «Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter» diýdi.
Выбор основного перевода