Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ine, Ýakubyň Müsüre öz tutuş hojalyklary bilen gelen ogullarynyň atlary: Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun, Benýamin, Dan, Naftaly, Gat, Aşer. Ýakubyň ähli nesilleriniň sany jemi ýetmişdi. Ýusup eýýäm Müsürdedi. Bular ysraýyllaryň atalarynyň urugbaşylary: Ysraýylyň ilkinji ogly Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy. Bular Rubeniň uruglarydy. Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakin, Sohar we kengan aýalyndan bolan ogly Şawul. Bular Şimgonyň uruglarydy. Lewiniň nesil daragtyna görä, onuň ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat we Merary. Lewi bir ýüz otuz ýedi ýaşap dünýäden ötdi. Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň nesillerinden: Hanogyň neslinden hanoklar urugy, Palluwyň neslinden pallular urugy, Hesronyň neslinden hesronlar urugy, Karmynyň neslinden karmylar urugy. Ruben Ysraýylyň nowbahar ogludy, ýöne ol atasynyň düşegini haramlandygy üçin nowbahar ogullyk haky ondan alnyp, Ysraýylyň ogly Ýusubyň perzentlerine berildi. Şoňa görä-de nesil daragtynda Ruben ilkinji ogul hasap edilmeýär. Ýahuda doganlarynyň arasynda güýçlüsi bolup, baştutan ondan gelip çykan bolsa-da, nowbahar ogullyk haky Ýusubyňkydy. Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň ogullary şulardy: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy.
Выбор основного перевода