Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Leýa göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol ogluna Ruben diýip at goýdy, çünki ol: «Reb meniň betbagtlygymy gördi, indi meni adamym halar» diýdi. Ol ýene-de göwreli boldy we bir ogul dogurdy. Ol: «Reb meniň söýülmeýändigimi eşidip, maňa bu ogly hem berdi» diýdi. Leýa oglunyň adyna Şimgon dakdy. Leýa üçünji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol: «Adamymyň ýüregi indi maňa baglansa gerek, çünki men oňa üç ogul dogrup berdim» diýdi. Şol sebäpden hem ol üçünji oglunyň adyna Lewi dakdy. Leýa ýene-de göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol: «Indi men Rebbe alkyş aýdaryn» diýip, oglunyň adyna Ýahuda dakdy. Soňra ol çaga dogmakdan galdy. Hudaý Leýanyň dilegini eşitdi. Leýa göwreli bolup, Ýakuba bäşinji ogul dogrup berdi. Leýa: «Bu – öz gyrnagymy adamyma berenim üçin, Hudaýyň maňa beren muzdudyr» diýip, oglanyň adyna Ysakar dakdy. Leýa ýene göwreli bolup, Ýakuba altynjy ogul dogrup berdi. Leýa: «Hudaý maňa ajaýyp sowgat etdi. Indi adamym maňa hormat goýar, çünki men oňa alty ogul dogrup berdim» diýip, altynjy oglunyň adyna Zebulun dakdy. Ol soňra bir gyz dogurdy we onuň adyna Dina dakdy.
Выбор основного перевода