Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Aýal göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ýahuda onuň adyna Er dakdy. Emma Ýahudanyň nowbahar ogly Eri Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi. Onan Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi. Ýöne çaga elini ýene yzyna çekip aldy we onuň inisi ilki doguldy. Göbegene: «Sen nädip zor bilen çykdyň?» diýdi. Şol sebäpden hem onuň adyna Peres dakyldy. Ýahudanyň ogullary şulardyr: Er, Onan we Şela. Bu üçüsi onuň kengan aýaly Batşuwadan doglan ogullarydyr. Reb Ýahudanyň nowbahar ogly Eri Öz nazarynda betpäl bolany üçin öldürdi. Ýahudanyň gelni Tamardan Peres hem Zera doguldy. Onuň jemi bäş ogly bardy. Peresiň ogullary: Hesron, Hamul.
Выбор основного перевода