Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Ybramyň çopanlary bilen Lutuň çopanlarynyň arasynda dawa-jenjel turdy. Şol döwürlerde kenganlar bilen perizler hem Kengan topragynda ýaşaýardylar. Şonda Ybram Luta: «Öz aramyzda-da, çopanlarymyzyň arasynda-da dawa-jenjel bolmasyn. Biz garyndaşdyrys. Yshak Rebeka öýlenende, ol kyrk ýaşyndady. Rebeka Padanaramdaky mesopotamiýaly Betuweliň gyzy, mesopotamiýaly Labanyň aýal doganydy. Ýakubyň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. On ýedi ýaşly Ýusup, öweý ejeleri Bilhadan we Zilpadan bolan doganlary bilen bile süri bakýardy. Ýusup doganlarynyň eden işlerini kakasyna şugullaýardy. Bir gün Ýusubyň doganlary kakalarynyň dowarlaryny bakmaga Şekeme giden wagtlarynda, Ysraýyl Ýusuba: «Doganlaryň Şekemde dowarlary bakyp ýörler. Sen olaryň ýanyna gidip gel» diýdi. Ýusup: «Bolýar, gidäýerin» diýdi. Nahary Ýusuba özbaşyna, doganlara özbaşyna we onuň bilen naharlanýan müsürlilere özbaşyna berdiler, çünki müsürliler ýewreýler bilen bile naharlanmaklygy ýigrenç hasaplaýardylar. Sen Goşen welaýatynda mesgen tutarsyň; sen we seniň çagalaryňdyr agtyklaryň, ownukly-irili mallaryň, mahlasy, özüňde bar bolan ähli zatlaryň bilen meniň golaýymda bolarsyň. Kakaňyzy hem, maşgalalaryňyzy hem alyp, meniň ýanyma geliň. Men Müsüriň iň saýlantgy ýerini size bererin. Siz mes toprakly ýurduň hasylyndan iýip doýarsyňyz“. Emma Musa: «Beýle etsek dogry bolmaz. Hudaýymyz Rebbe berýän gurbanlygymyzy müsürliler nejislik hasaplarlar. Eger biz müsürlilere nejislik edip, mal gurbanlygymyzy olaryň gözüniň alnynda bersek, onda olar bizi daşlap öldürmezlermi?
Выбор основного перевода