Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bir gün Ýusubyň doganlary kakalarynyň dowarlaryny bakmaga Şekeme giden wagtlarynda, Ysraýyl Ýusuba: «Doganlaryň Şekemde dowarlary bakyp ýörler. Sen olaryň ýanyna gidip gel» diýdi. Ýusup: «Bolýar, gidäýerin» diýdi. Şeýdip, Ýusup doganlaryndan bäşisini alyp, Goşen welaýatyndan gaýtdy we faraonyň ýanyna gelip, oňa: «Kakam hem doganlarym özleriniň maşgalasy, ownukly-irili mallary we ähli goş-golamlary bilen Kengandan geldiler. Olar häzir Goşende» diýdi. Onsoň Ýusup doganlaryny faraon bilen tanyş etdi. Nahary Ýusuba özbaşyna, doganlara özbaşyna we onuň bilen naharlanýan müsürlilere özbaşyna berdiler, çünki müsürliler ýewreýler bilen bile naharlanmaklygy ýigrenç hasaplaýardylar.
Выбор основного перевода