Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar». Öýüňde ýaşan ýigrimi ýylym, ine, şeýle geçdi. Iki gyzyň üçin on dört ýyl, dowarlaryň üçin alty ýyl hyzmatyňy etdim. Emma sen meniň zähmet hakymy on gezek üýtgetdiň. Meniň şöhratymy, Müsürde we çölde görkezen alamatlarymy gören, şonda-da Meni on gezek synap, Meniň sözüme boýun bolmadyklaryň hiç biri On mertebe göwnüme degdiňiz, utanaňzokmy şeýle ezýet bermäge? Çünki Reb adalaty söýýändir, Ol sadyk ynsany terk edýän däldir; dogry ynsan baky goralar, ýöne erbetleriň zürýatlary gyrlyp ýok bolar. Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi, şolar sebäpli Ol şalara käýedi.
Выбор основного перевода