Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Basgançaklaryň çür başynda duran Reb şeýle diýýär: «Ataň Ybraýymyň we Yshagyň Hudaýy Reb Mendirin. Şu ýatan topragyňy Men saňa we seniň nesliňe bererin. Ýakup daň bilen turdy we kellesiniň aşagyna goýup ýatan uly daşyny alyp, ony ýadygärlik hökmünde dikdi we onuň üstüne zeýtun ýagyny guýdy. Ýakup bu ýere «Beýtel» diýip at dakdy. Bu gala ozal Luz diýip atlandyrylýardy. Ol soňra ant içip, şeýle diýdi: «Eger Hudaý meniň ýene-de sag-aman atamyň öýüne dolanyp gelerim ýaly, meniň bilen bile bolup, meni ýolda gorap, maňa iýmäge nan, geýmäge eşik berse, onda Reb meniň Hudaýym bolar. Ol soňra ant içip, şeýle diýdi: «Eger Hudaý meniň ýene-de sag-aman atamyň öýüne dolanyp gelerim ýaly, meniň bilen bile bolup, meni ýolda gorap, maňa iýmäge nan, geýmäge eşik berse, onda Reb meniň Hudaýym bolar. Ýadygärlik diken bu dikme daşymy Hudaýyň öýi diýip hasaplaryn. Eý, Hudaý, Seniň maňa beren her bir zadyň ondan birini men Saňa bererin». Onsoň Reb Ýakuba: «Ata-babaňyň mekanyna, öz garyndaşlaryňyň arasyna dolan, Men seniň bilen bile bolaryn» diýdi. Soňra Ýakup şeýle dileg etdi: «Eý, maňa: „Öz ýurduňa, öz dogan-garyndaşlaryňyň arasyna dolan, Men saňa ýagşylyk ederin“ diýen Rebbim, atam Ybraýym bilen kakam Yshagyň Hudaýy!
Выбор основного перевода