Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Leýa göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol ogluna Ruben diýip at goýdy, çünki ol: «Reb meniň betbagtlygymy gördi, indi meni adamym halar» diýdi. Şol gije Hudaý Laban mesopotamiýalynyň düýşünde oňa: «Gulak as! Ýakuba ýagşydan-ýamandan zat diýme» diýdi. Ybraýymyň Hudaýy we Nahoryň hudaýy (olaryň atalarynyň hudaýlary) biziň dawamyzy çözsünler!» diýdi. Soňra Ýakup öz kakasy Yshagyň Heder Edýäninden ant içdi. Dawut olaryň öňünden çykyp, şeýle diýdi: «Eger meniň ýanyma ýagşy niýet, kömek etmek maksady bilen gelen bolsaňyz, onda ornuňyz ýüregimiň töründe, ýöne zorluk etmedik halymda meni duşmanlaryma satmak üçin gelen bolsaňyz welin, muny ata-babalarymyzyň Hudaýy görüp, siziň jezaňyzy bersin». «Eger Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, näme bolardy? – eý, Ysraýyl, jogap ber şuňa! – Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, adamlar bize garşy aýaga galanlarynda, Hökmürowan Rebbi, diňe Ony mukaddes saýyň; Ondan gorkuň, Ondan heder ediň!
Выбор основного перевода