Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger biri goňşusyna öz eşegini, öküzini ýa-da goýnuny, ýa-da islendik malyny saklamaga amanat berse, hiç kim görmänkä ol mal ölse, ýaralansa ýa-da alnyp gidilse, goňşusynyň emlägine el urmandygy hakda ikisiniň arasynda Rebbiň adyndan ant içilsin. Amanat beren mal eýesi muny kabul etsin we oňa jerime tölemek gerek däl. Emma mal amanady saklamaga alan adamdan ogurlanan bolsa, ol adam mal eýesine ýetirilen zyýanyň öwezini tölemelidir. Eger ony wagşy haýwan parçalan bolsa, goý, onuň maslygy subutnama hökmünde getirilsin. Parçalanan mal üçin jerime tölemeli däl.
Выбор основного перевода