Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bar, seniň gaýdanyň hiç diýeli. Men seniň ataň öýündäkileriň didaryna gaty zar bolandygyňy bilýärin. Ýöne meniň hudaýlarymy ogurlap gaýtmaň näme?» Rahel butlary alypdy we olary düýäniň howudynyň aşagynda gizläp, özi-de onuň üstünde oturypdy. Laban çadyryň ähli ýerini barlap çykdy, ýöne olary tapmady. Mika tarapyndan salnan bir sany ybadat edilýän öý bardy. Ol efot we butlar ýasady hem-de öz ogullarynyň birini ruhany edip belledi. Mikal bir buty alyp, düşekde ýatyrdy; onuň başyna tüýli geçi derisini geýdirip, üstüne-de ýapynja atdy. Çünki Babyl patyşasy iki ýoluň başynda durup jogap agtarýar. Ol oklary silkeleýär we butlara maslahat salyp, gurbanlyk malynyň bagryna seredýär. Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.
Выбор основного перевода