Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Abadýa
1
Параллельные места
Olaryň boýy hatda göklere ýetip, başlary bulutlara degse-de, Sen ýüregiňde diýdiň: «Göklere çykaryn, tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan ýokarda goýaryn. Jemagatyň toplanan dagynda, Zafon dagynda oturaryn. Bulutlaryň depesine çykaryn, Beýik Hudaý ýaly ederin özümi». Emma sen ölüler dünýäsine, gabryň düýbüne inderilersiň. Düşen howpuň we tekepbir ýüregiň seni aldawa saldy. Eý, gaýanyň jaýrygynda ýaşaýan, belent depeleriň çür başyny eýelän! Sen höwürtgäňi bürgüt kimin belent uçutlarda gursaň-da, Men seni ol ýerden aşak düşürerin. Muny Reb aýdýandyr. Gazyp ölüler dünýäsine girseler-de, elimi uzadyp, olary ondan çykararyn. Olar göge çyksalar-da, ol ýerden aşak düşürerin. Öýüni haram gazanç bilen doldurýanyň, betbagtlyk penjesinden gaçmak üçin, öýüni belentlikde gurýanyň dat gününe!
Abadýa
1
Выбор основного перевода