Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Abadýa
1
Параллельные места
Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir. Olar ony içip, ikiýana yranarlar we aralaryna iberjek gylyjymdan dälirärler». «Soňra sen olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Içip, serhoş boluň, gusuň we araňyza iberjek gylyjymdan ýykylyň, gaýdyp ýeriňizden galmaň“. Eger olar eliňdäki käsäni alman, içmekden ýüz öwräýseler, olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Hökman içersiňiz! Reb şeýle diýýär: «Jeza käsesinden içmäge laýyk bolmadyklar içenlerinden soň, heý-de, sen içmän, jezasyz galarmyň? Ýok, jezasyz galmarsyň, jeza käsesinden hökman içersiň. Çünki Öz barlygymdan ant içýärin, Bosra howpa, masgaraçylyga, harabaçylyga, nälete sezewar bolar». Muny Reb aýdýandyr.
Abadýa
1
Выбор основного перевода