Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Abadýa
1
Параллельные места
Şonuň üçinem Sen olary duşmanlarynyň eline berdiň. Duşmanlary olara ezýet berdiler. Horluk çekýärkäler, olar Saňa nalyş etdiler. Sen olaryň nalasyny gökden eşitdiň. Beýik rehimdarlygyň bilen ysraýyllary duşman elinden halas eder ýaly halasgärler berdiň. Çünki patyşalyk Rebbiňki, Ol milletleriň üstünden sürýär hökümi. Goý, Hudaý bizi ýalkasyn, dünýäniň dört künji Ondan eýmensin. Reb milletlere höküm çykarar, olaryň ýurduny läşlerinden doldurar. Ol tutuş ýeriň ýüzünde baştutanlary kül-peýekun eder. Bu Müsür topragynda Hökmürowan Rebbe alamat we şaýat bolar. Olar zulumdarlary zerarly Rebbe perýat edenlerinde, Reb müsürlilere bir halasgär hem goragçy ýollap, olary halas eder. Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar. Agsaklary aman galdyraryn, uzaklara sürlenleri güýçli millet ederin. Şu günden tä ebedä çenli Sion dagynda Men – Reb olara hökümdarlyk ederin». Reb tutuş ýer ýüzüniň Şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuň ady ýeke-täk at bolar. Ol Ýakubyň nesliniň üstünden ebedilik şalyk sürer, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi. Hemaýatçy gelen wagty dünýäniň günä, adalat we höküm babatda nähakdygyny subut eder. Isa Mesih ähli agalyklary, ygtyýarlyklary we güýçleri ýok edip, Şalygy Ata Hudaýa tabşyranda bolsa dünýäniň soňy bolar. Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi. Soňra men bir uly mähelläniň sesine, ägirt uly ummanyň güwwüldisine, güýçli gök gürrüldisine meňzeş sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Çünki Rebbimiz Hökmürowan Hudaý hökmürowanlyk sürüp başlady!
Abadýa
1
Выбор основного перевода