Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Abadýa
1
Параллельные места
Babyllylaryň janpenalaryň baştutany bilen gelen bütin goşuny Iýerusalimiň daş-töweregindäki diwarlaryny ýykdy. Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň şäherde aman galanlary, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklary we beýleki galan ilaty ýesir edip äkitdi. Emma janpenalaryň baştutany ýurduň garyp-gasarlarynyň käbirlerini üzümçilik we daýhançylyk bilen meşgullansynlar diýip goýup gaýtdy. Babyllylar Rebbiň öýündäki bürünç sütünleri, şeýle hem ol ýerdäki arabalary we bürünç howzy parçalap, ähli bürünji Babyla alyp gitdiler. Olar ybadathana hyzmaty üçin ulanylýan gazanlary, kül atarlary, ätişgirleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary we beýleki ähli bürünç gap-gaçlary Babyla alyp gitdiler. Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da maňňallary we legenleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi. Süleýmanyň Rebbiň öýi üçin eden iki sütüniniň, bir howzunyň, arabalarynyň we ähli gap-gaçlaryň bürünjiniň agramy çäksizdi. Bir sütüniň beýikliginiň özi on sekiz tirsekdi. Sütüniň depesinde-de bir sany bürünç täç bardy. Bir täjiň beýikligi üç tirsekdi we täjiň daş-töweregine aýlanan narlardyr örme zynjyrlar hem tutuş bürünçden ýasalandy. Janpenalaryň baştutany baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny Babyla ýesir edip äkitdi. Ol şäherde galan esgerleriň baştutany edip bellenen bir harby serkerdäni, patyşanyň şäherden tapylan bäş sany maslahatçysyny, ýurduň ilatyny goşuna ýazýan serkerde mürzäni we ýurduň ilatynyň şäherden tapylan altmyş baştutanyny hemmeler bilen alyp gitdi. Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon olary tutup, Hamat ýurdunyň Ribla galasyna, Babyl patyşasynyň ýanyna getirdi. Ýa Reb, Iýerusalimiň ýykylan güni: «Ony ýumruň, ony ýumruň düýbüne çenli!» diýen edomlary Sen ýadyňa sal! Meniň halkym üçin bije atdylar, oglany loly üçin, gyzy şerap içmek üçin satdylar.
Abadýa
1
Выбор основного перевода