Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Abadýa
1
Параллельные места
Baştutanlary Zoganda bolup, ilçileri Hanase ýetenem bolsalar, Gylyjym göklerde gandan gandy, ine, gylyjym Edomyň üstüne, bütinleý ýok etjek halkymyň üstüne jeza üçin iner. Iýerusalime garşy söweşmäge taýýarlanyň. Turuň, gündiziň güni çozalyň! Işimiz gaýtdy! Gün ýaşyp barýar, öýlän kölegeler uzalýar! Turuň, gije çozalyň, galalaryny weýran edeliň!» Edom hakda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Teýman şäherinde indi paýhas ýokmy? Danalarda maslahat galmadymy? Olaryň akyldarlygy küteldimi? Eý, Dedanyň ilaty, gaçyň, yzyňyza öwrüliň, bukularda gizleniň! Men Ysawy jezalandyran wagtymda, onuň başyndan betbagtlyk indererin. Eger üzümçiler bagyňa girse, birki salkym üzüm galdyrmazlarmy? Gije öýüňe ogrular girse, özlerine geregini ogurlamazlarmy? Emma Ysawy çuw ýalaňaç edip, Men eşigini sypyraryn, onuň gizlin ýerini äşgär ederin, ol özüni gizläp bilmez. Onuň tohum-tiji, dogan-garyndaşlary, goňşulary heläk bolar, özi-de ýok bolar. Ýetimleriňi taşla, olary diri saklaryn. Dul hatynlaryň hem Maňa bil baglasyn». Reb şeýle diýýär: «Jeza käsesinden içmäge laýyk bolmadyklar içenlerinden soň, heý-de, sen içmän, jezasyz galarmyň? Ýok, jezasyz galmarsyň, jeza käsesinden hökman içersiň. Çünki Öz barlygymdan ant içýärin, Bosra howpa, masgaraçylyga, harabaçylyga, nälete sezewar bolar». Muny Reb aýdýandyr. Men Rebden bir habar eşitdim, milletler arasyna çapar ýollandy: «Edoma çozmak üçin toplanyň, söweşe aýaga galyň». «Men seni milletler arasynda kiçelderin, ynsanlar arasynda ýigrenje duçar ederin. Düşen howpuň we tekepbir ýüregiň seni aldawa saldy. Eý, gaýanyň jaýrygynda ýaşaýan, belent depeleriň çür başyny eýelän! Sen höwürtgäňi bürgüt kimin belent uçutlarda gursaň-da, Men seni ol ýerden aşak düşürerin. Muny Reb aýdýandyr. Edom howpa öwrüler, ol ýerden geçýän her kes aňk-taňk bolup, onuň betbagtlyklaryna sykylyk çalar. Edil Sodomyň, Gomoranyň we olaryň goňşularynyň ýer bilen ýegsan bolşy ýaly, ol ýerde ýeke adam galmaz, hiç ynsan ýaşamaz. Muny Reb aýdýandyr. Men arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim? Munuň üçin Rebbiň Edom hakdaky kararyny, Teýman ilatyna niýetlän maksadyny eşidiň: Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar, sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler. Ýykylýanlaň gürpüldisinden ýaňa ýer ýüzi sarsar, gykylyklarynyň sesi Gyzyl deňze çenli eşidiler. Ine, duşman bürgüt kimin ýokary uçar, ganatlaryny Bosranyň üstüne ýaýar. Şol gün Edom urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Edom öç almak bilen ýahuda halkynyň garşysyna hereket etdi, olardan öç alyp, agyr günä batdy. Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men elimi Edomyň garşysyna uzadyp, ondan ynsany-da, haýwany-da sogrup taşlaryn we ony harabaçylyga öwrerin. Olar Teýmandan Dedana çenli aralykda gylyçdan heläk bolarlar. Men Edomdan halkym Ysraýylyň eli bilen öç alaryn. Olar Edomda Meniň gahar-gazabym boýunça hereket ederler, onsoň olar Meniň öjümiň nämedigini bilerler“». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Weýran bolar Müsür, döner çöllüge Edom, çünki olar ýahuda halkyna etdiler sütem; boýadylar topraklaryny bigünä gana.
Abadýa
1
Выбор основного перевода