Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi. Garyplar, mätäçler suw agtarýarlar, ýöne suw ýok; teşnelikden kepeýär agyzlary, Men – Reb olara jogap bererin, Ysraýyl Hudaýy Men olary terk etmerin. Reb adyldyr, men bolsa buýrugyna garşy çykdym, emma siz, eý, bütin halklar, gulak goýuň, meniň çekýän derdimi görüň; sürgün edildi ýaş gyzdyr ýigitlerim. Ýaşy-garrysy ýoluň üstünde ýatyr, gyzlarymdyr ýigitlerimi gylyçdan geçirdiler. Gaharyň gelen güni Sen olary öldürdiň, rehimsizlik bilen baryny gyrdyň. Aýyrmasa Men ony edil doglan wagtyndaky ýaly çuw-ýalaňaç ederin. Ony boş çöle, gury topraga öwrerin. Teşnelikden öldürerin.
Выбор основного перевода