Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Şeýdip, patyşa pikirini jemläp, iki sany altyn göle ýasap, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Iýerusalime şu wagta çenli gatnanyňyz besdir. Eý, ysraýyllar, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şulardyr». Ol altyn göläniň birini Beýtelde, beýlekisini hem Danda goýdy. Şeýdip, halk günä etdi. Halk sežde etmek üçin Beýteldäki we Dandaky altyn göläniň ýanyna uzak ýere gitdiler. Eý, Ysraýyl, sen zyna etseň-de, Ýahuda bir günäli bolmasyn. Siz Gilgala girmäň, Beýtawene bolsa barmaň. „Rebden ant içýärin“ diýip kasam etmäň. Emma Meni Beýtelden agtarmaň, Gilgala girmäň, Beýerşeba geçmäň, çünki Gilgal hökman sürgün ediler, Beýtel hem hiç zat bolup galar».
Выбор основного перевода