Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýany, Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi. Onsoň Reb menden: «Ýermeýa, näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Injir. Gowulary gaty gowy, erbetleri bolsa gaty erbet, çüýrükliginden ýaňa olary iýer ýaly däl» diýdim. Yzymyzy yzarladylar, köçelerimizde gezip bilmedik; ahyrymyz golaý, günlerimiz gutardy, çünki soňumyz ýetip gelipdi. «Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb Ysraýyl ýurduna şeýle diýýär: „Soňy geldi! Ýurduň dört künjeginiň soňy geldi! Soňuňyz geldi; hawa, soňuňyz geldi! Ol siziň garşyňyza oýandy; ine, gelýär! Onsoň Reb menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir şugul görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb şeýle diýdi: «Ine, halkym Ysraýylyň ortasynda-da, Men bir şugul guralyny goýýaryn. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn. Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!
Выбор основного перевода