Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Uzak wagtlap Ysraýyl hak Hudaýsyz ýaşapdy; tälim berýän ruhany-da, kanun-da bolmandy. Betbagtçylyk! Köp milletleriň güwwüldisi! Deňziň güwwüldisi deý güwleýär olar! Ah! Halklaryň güwwüldisi! Güýçli tolkunlar deý güwwüldeşýärler! «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşululary bilen gepleş we olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Siz Menden maslahat soramaga geldiňizmi? Öz barlygymdan ant içýärin, Men size Özüme maslahat saldyrtmaryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Siz bu güne çenli ogullaryňyzy otda gurbanlyk hökmünde hödür edip, ähli butlaryňyz bilen özüňizi haram edýärsiňiz. Şundan soň, eý, ysraýyl halky, Men size Özüme maslahat saldyrarynmy? Öz barlygymdan ant içýärin, – Hökmürowan Reb diýýär – Men size maslahat bermerin. Agyz suwy üçin şäherden-şähere entediňiz, emma suwdan ganyp içmediňiz, şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода