Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Iýerusalimiň ilaty Ýehoramyň körpe ogly Ahazýany kakasynyň ýerine patyşa etdi. Ýehoramyň beýleki ogullarynyň ählisini araplar bilen düşelgä gelen leşger öldüripdi. Şeýdip, Ýehoramyň ogly Ahazýa Ýahuda patyşa boldy. Ahazýa patyşa bolanda kyrk iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Atalýa Ysraýylyň patyşasy Omrynyň agtygydy. Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň pis ýolundan ýöredi. Ahazýanyň ejesi pis iş etmekde geňeşçisidi. Ahazýa hem Ahabyň maşgalasy ýaly, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Kakasy ölenden soň, Ahabyň nesilleri Ahazýanyň geňeşçisi bolup, ony heläkçilige uçratdylar. Ahazýa olaryň maslahatyna eýerip, Ysraýylyň patyşasy Ahabyň ogly Ýoram bilen Siriýanyň patyşasy Hazaýyla garşy uruşmak üçin Ramotgilgada gitdi. Siriýalylar şol ýerde Ýoramy ýaraladylar. Ýoram Ramotgilgatda Hazaýyla garşy urşup ýörkä, siriýalylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp geldi. Ýahuda patyşasy Ýehoramyň ogly Ahazýa ýaralanan Ahabyň ogly Ýoramy görmek üçin Ýizregele gitdi. Ahabyň ogly Ýoramyň patyşalygynyň on birinji ýylynda Ahazýa Ýahuda patyşa bolupdy.
Выбор основного перевода