Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýehoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime sekiz ýyl patyşalyk etdi. Ahabyň nesilleriniň edişi ýaly, Ýehoram-da Ysraýyl patyşalarynyň ýollaryndan ýöredi, çünki Ahabyň gyzy onuň aýalydy. Ýehoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi. Ýehoramyň döwründe edomlylar gozgalaň turzup, Ýahudanyň gol astyndan çykdylar we özlerine bir patyşa goýdular. Onsoň Ýehoram söweş arabalarynyň serkerdeleri bilen gitdi. Edomlylar Ýehoram bilen onuň serkerdeleriniň daşyny gabadylar, ýöne Ýehoram ýanyndakylar bilen gije edomlylaryň içinden geçip gaçdylar. Şeýdip, Edom şu güne çenli hem Ýahuda garşy gozgalaň turzup, oňa garaşsyz bolup gelýär. Edil şol wagtda Libna galasy hem Ýahudanyň garşysyna uruş turuzdy, çünki Ýehoram ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi ret edipdi.
Выбор основного перевода