Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Edomda hiç patyşa ýokdy, diňe ýahuda patyşasy tarapyndan bellenen wekil bardy. Şeýdip, Ysraýyl, Ýahuda we Edom patyşalary bile ýola düşdüler. Olar ýedi günlük aýlawly ýoly geçenlerinden soň, pyýada goşun we olaryň ýanyndaky mallar üçin hiç hili suwlary galmady. Onsoň Mowap patyşasy öz ornuna patyşa boljak nowbahar ogluny galanyň diwarynda ýakma gurbanlygy hökmünde hödürledi. Ysraýyla garşy gahar-gazap möwjedi. Şonuň üçin hem ysraýyllar Mowapdaky söweşi bes edip, öz ýurtlaryna dolandylar. Ýehoramyň döwründe edomlylar gozgalaň turzup, Ýahudanyň gol astyndan çykdylar we özlerine bir patyşa goýdular. Onsoň Ýehoram söweş arabalarynyň serkerdeleri bilen gitdi. Edomlylar Ýehoram bilen onuň serkerdeleriniň daşyny gabadylar, ýöne Ýehoram ýanyndakylar bilen gije edomlylaryň içinden geçip gaçdylar. Şeýdip, Edom şu güne çenli hem Ýahuda garşy gozgalaň turzup, oňa garaşsyz bolup gelýär. Edil şol wagtda Libna galasy hem Ýahudanyň garşysyna uruş turuzdy, çünki Ýehoram ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi ret edipdi.
Выбор основного перевода