Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar Ýahudanyň üstüne çozup girip, patyşanyň köşgüne degişli bolan ähli mal-mülkleri, patyşanyň ogullarydyr aýallaryny alyp gitdiler. Patyşanyň körpe ogly Ýehogahazdan başga ogly galmady. Ýehoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol sekiz ýyl Iýerusalime patyşalyk etdi. Onuň ölümine gynanç bildiren bolmady. Olar Ýehoramy Dawut galasynda jaýladylar; ýöne ony patyşalaryň mazarynda goýmadylar. Iýerusalimiň ilaty Ýehoramyň körpe ogly Ahazýany kakasynyň ýerine patyşa etdi. Ýehoramyň beýleki ogullarynyň ählisini araplar bilen düşelgä gelen leşger öldüripdi. Şeýdip, Ýehoramyň ogly Ahazýa Ýahuda patyşa boldy.
Выбор основного перевода