Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol döwürde Reb Ysraýylyň çäklerini kiçeltmäge başlady. Siriýa patyşasy Hazaýyl Iordan derýasynyň gündogaryndan gatlylara, rubenlilere we manaşalylara çenli bolan bütin Gilgat topragyny, Arnon jülgesiniň ýakasyndaky Arogerden Gilgada we Başana çenli bolan tutuş ýurdy basyp aldy. Şol döwürde Siriýa patyşasy Hazaýyl Gatyň üstüne çozup, ony basyp aldy. Soňra ol Iýerusalime hüjüm etmegi ýüregine düwdi. Reb Ysraýyla garşy gahary geldi. Ol ysraýyllary gaýta-gaýta Siriýa patyşasy Hazaýylyň we Hazaýylyň ogly Benhadadyň eline berdi. Şeýdip, Ýehogahazyň diňe elli sany söweş arabaly esgerinden, on söweş arabasyndan we on müň pyýada goşunyndan başga goşuny galmady, çünki Siriýa patyşasy olary harman tozy kimin ýok edipdi. Uzyýa kakasy Amazýa ata-babalaryna gowşandan soň, Eýlat galasyny täzeden dikeldip, ony Ýahuda gaýtaryp berdi. Şol döwürde Menahym Tirsadan başlap, Tipsada we onuň etraplarynda ýaşaýanlaryň baryny gyrdy. Özüne galanyň derwezesini açmandyklary üçin, olaryň baryny gyrdy we göwreli aýallarynyň garynlaryny ýardy. Çagalary gözleriniň alnynda parça-parça ediler, öýleri talanar, aýallaryna el urlar. Halkyň arasynda uruş gopguny dörär. Şalmanyň söweş gününde Beýtarbeli weýran edip, eneler bala-çagalary bilen parçalanyşy ýaly, ähli galalaryň haraba öwrüler. Reb şeýle diýýär: «Men ammonlary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar öz çäklerini giňeltmek üçin Gilgadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar.
Выбор основного перевода