Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Babyllylar Hudaýyň öýüni ýakyp, Iýerusalimiň diwaryny ýykyp, ondaky ähli köşklere ot berip, ähli gymmatbaha zatlary ýok etdiler. Müdimi harabalyklara howluk-da, sal Sen nazary – duşman weýran etdi mukaddes öýüňdäki ähli zatlary. Ybadat öýünde duşmanlaryň arlap gygyrdy, olar nyşanlaryny şol ýerde dikdi. Olar göýä gür agaçlyga paltalary aýlap salýan kişiniň keşbindediler. Indi bolsa ähli haşamlaryny bir pursadyň içinde palta, çekiç bilen parçaladylar. Mukaddes öýüňi oda ýakdylar, Seniň mesgeniňi haramladylar, ony ýer bilen ýegsan etdiler. Eý, Hudaý, keseki milletler Seniň saýlan topragyňa aralaşdylar, mukaddes ybadathanaňy haramladylar, Iýerusalimi weýran etdiler. Şu sebäpden Ýahuda ot ýagdyraryn, ot Iýerusalimiň galalaryny ýakyp kül eder».
Выбор основного перевода