Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Babyllylar patyşanyň köşgüni, halkyň öýlerini ýakdylar we Iýerusalimiň diwarlaryny ýykdylar. Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň şäherde aman galanlarynyň, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklar bilen beýleki galan ilatyň baryny ýesir edip äkitdi. Emma janpenalaryň baştutany şol wagt ýurtdaky hiç bir emlägi bolmadyk garyp-gasarlara üzüm baglary bilen ekin meýdanlaryny berdi. Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onuna şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi. Nebuzaradon Rebbiň öýüni, patyşanyň köşgüni we Iýerusalimiň ähli jaýlaryny oda berdi, ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy. Babyllylaryň janpenalarynyň baştutany bilen gelen goşun Iýerusalimiň daş-töweregindäki diwarlaryň ählisini ýykdy.
Выбор основного перевода