Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar tutuş goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, daş-töwereginde ýapgyt gurdular. Şeýdip, Sidkiýanyň patyşalygynyň on birinji ýylyna çenli Iýerusalim gabawda durdy. Dördünji aýyň dokuzyna şäherde açlyk güýjäp, ýurduň ilaty iýmäge çörek tapmady. Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykyldy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gabasalar-da, ähli esgerler gije patyşanyň bagynyň ýolundan, iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Araba düzlügine tarap gaçyp gitdiler. Emma babyllylaryň goşuny patyşanyň yzyndan kowup, Ýeriho düzlüginde yzyndan ýetdi. Patyşanyň ähli goşuny onuň ýanyndan gaçyp, dagaşyp gitdiler. Onsoň babyllylar patyşany tutup, Hamat ýurdundaky Ribla getirdiler. Şol ýerde Babyl patyşasy oňa höküm çykardy. Babyl patyşasy Sidkiýanyň ogullaryny onuň gözüniň alnynda öldürdi. Riblada Ýahudanyň ähli ýolbaşçylaryny-da öldürdi. Ol Sidkiýanyň gözlerini oýdurdy we zynjyr bilen baglap, Babyla alyp gitdi. Ol ony ölýänçä zyndanda saklady. Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onuna şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi. Nebuzaradon Rebbiň öýüni, patyşanyň köşgüni we Iýerusalimiň ähli jaýlaryny oda berdi, ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy. Babyllylaryň janpenalarynyň baştutany bilen gelen goşun Iýerusalimiň daş-töweregindäki diwarlaryň ählisini ýykdy. Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň garyplaryny, şäherde aman galanlary, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklary we aman galan senetkärleri ýesir edip äkitdi. Emma janpenalaryň baştutany Nebuzaradon ýurduň garyp-gasarlarynyň käbirlerini üzümçilik we daýhançylyk bilen meşgullansynlar diýip goýup gaýtdy. Babyllylar Rebbiň öýündäki bürünç sütünleri, şeýle hem ol ýerdäki arabalary we bürünç howzy parçalap, ähli bürünji Babyla alyp gitdiler. Olar ybadathana hyzmaty üçin ulanylýan gazanlary, pilçeleri, ätişgirleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary we beýleki bürünç gap-gaçlaryň baryny alyp gitdiler. Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da okaralary, maňňallary, legenleri, gazanlary, çyradanlary, gaplary, käseleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi. Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin ýasan iki sütüni, bir howzy we howzuň aşagyndaky on iki sany bürünç öküzi üçin sarp edilen bürünjiň agramy çäksizdi. Bir sütüniň beýikligi on sekiz tirsekdi. Töwereginiň aýlawy on iki tirsekdi. Galyňlygy dört barmak bolup, içi boşdy. Sütüniň depesinde-de bir sany bürünç täç bardy. Bir täjiň beýikligi bäş tirsekdi we täjiň daş-töweregine aýlanan narlardyr örme zynjyrlar hem tutuş bürünçden ýasalandy. Beýleki ikinji sütün-de narlar bilen bezelip, edil birinjä meňzeşdi. Her hataryň töwereginde jemi ýüz nar bardy we ýerden diňe togsan altysy görnüp durdy. Baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny janpenalaryň baştutany Babyla ýesir edip äkitdi. Ol şäherde galan esgerleriň baştutany edip bellenen bir harby serkerdäni, şäherden tapylan patyşanyň ýedi sany maslahatçysyny, ýurduň ilatyny goşuna ýazýan serkerdäniň mürzesini we ýurduň ilatynyň altmyş sany baştutanyny alyp gitdi. Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon olary tutup, Ribla galasyndaky Babyl patyşasynyň ýanyna getirdi. Hamat ýurdunyň Ribla galasynda Babyl patyşasy olary öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan sürgün edildi. Iýerusalim basylyp alnanda, Ýermeýa heniz-de şol ýerdedi. Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynda Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny bilen Iýerusalimiň üstüne ýöriş edip, onuň daşyny gabady. Sidkiýanyň şalygynyň on birinji ýylynyň dördünji aýynyň dokuzy güni şäheriň diwary böwsüldi. Babyl patyşasynyň ähli ýolbaşçylary içerik girip, Ortaky derwezede oturdylar. Olar: samgarly Nergal Şareser, köşk emeldary Nebosarsekim, baş geňeşçi Nergal Şareser we patyşanyň ähli beýleki ýolbaşçylarydy. Ýahuda patyşasy Sidkiýa we onuň ähli esgerleri diýerler görenlerinde, gije patyşanyň bagynyň ýolundan, iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Araba düzlügine tarap gaçyp gitdiler. Emma babyllylaryň goşuny olaryň yzyndan kowdy we Ýeriho düzlüginde yzlaryndan ýetip, Sidkiýany tutdy. Onsoň babyllylar ony tutup, Hamat ýurdunyň Ribla galasynda bolan Babyl patyşasy Nebukadnesaryň ýanyna getirdiler, ol hem Sidkiýa barada höküm çykardy. Babyl patyşasy Riblada Sidkiýanyň ogullaryny öz gözüniň alnynda öldürtdi. Şeýle-de, ol Ýahudanyň ähli ýolbaşçylaryny öldürtdi. Ol Sidkiýanyň gözlerini oýdurdy, ony zynjyr bilen daňyp, Babyla alyp gitdi. Şeýle hem Sidkiýa özüne Hudaýdan ant içiren Babyl patyşasy Nebukadnesara garşy gozgalaň turuzdy. Sidkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrülmejek bolup, boýnuýogynlyk etdi, ýüregini gatatdy. Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi. Nebukadnesar Hudaýyň öýündäki ähli ululy-kiçili gap-gaçlary, Rebbiň öýündäki hazynalary, patyşanyň we onuň emeldarlarynyň hazynalaryny Babyla alyp gitdi. Babyllylar Hudaýyň öýüni ýakyp, Iýerusalimiň diwaryny ýykyp, ondaky ähli köşklere ot berip, ähli gymmatbaha zatlary ýok etdiler. Babyl patyşasy gylyçdan aman galanlary Babyla ýesir edip äkitdi. Ýesir edilip äkidilenler Pars patyşalygy häkimiýet başyna geçýänçä, Babyl patyşasyna we onuň ogullaryna gul boldular. Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny, öz golastynda bolan bütin dünýädäki patyşalyklar we halklar bolup, Iýerusalim bilen onuň şäherleriniň garşysyna urşup ýörkäler, Ýermeýa Rebden şu söz geldi: Onuň sag elinde Iýerusalimi görkezýän pal bar. Onda diwar ýykýan pürsleri ýerleşdirmek, ölüm buýrugyny bermek, söweş nagralaryny çekmek, derwezeleri ýumrujy gurallary goýmak, berkitmeler we diwara çykmak üçin ýapgytlar gurmak barada aýdylýar.
Выбор основного перевода