Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Akbora, Şapan mürzä we öz hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi: adam ýollap, Ýermeýany garawulhanadan getirtdiler. Olar Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýa ony öýüne äkitmegi tabşyrdylar. Şeýdip, Ýermeýa öz halkynyň arasynda galdy. Ýermeýa entek jogap gaýtarmanka, ol ýene sözüni dowam etdi: «Babyl patyşasy tarapyndan Ýahuda şäherlerine häkim goýlan Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna git-de, onuň bilen bile halkyň arasynda ýaşaber ýa-da nirä gitmegi dogry hasaplasaň, şoňa-da git». Şeýlelikde, janpenalaryň baştutany oňa azyk-owkat we peşgeşler berip, ony ýola saldy.
Выбор основного перевода